Adam ezen
Adam ezen biraz kommunist bolup,
sekretar gelinli işigniň agzy,
ýa kommunist dogmalary gedemje,
ýa kommunist ataň gyzy,
ýa kommunist soňy talaňçylykda
halky talap, ýurdy talap baý bolan,
baýlygyn aldyryp elden,
ýa baýlygyn alyp gaçyp,
ýat illere gelse mysapyr bolup,
duýgudaşlyk edip saçagyň ýazsaň,
belki, özem bilmän birden,
şol öňki ornunda duýar özüni,
herreler hezzetin, sylagyn bilmän,
köp zat görýäň, walla, ýaşasaň ölmän.