Baýlaryň arasyndaky garyplyk
Garyp bolsaň garyplaryň ýurdunda,
pakyrlygy pakyr bilen paýlaşsaň,
belki, beýle agyr bolmaz, çekersiň,
çydarsyň il bilen gelen baýrama,
emma garyp bolsaň baýlar ýurdunda,
pulun nämä sowjagyny bilmeýän,
ýa toý tutýan mesliginden günaşa,
garyplary gurjak edip oýnaýan,
çydamak kyn bolar, düşünýän, dogry,
öz-özüňi sylamagy goýmasaň,
ýa gün-günden biraz bolmasaň ogry.