Peşmek oýny

Iliňe, halkyňa gerek bolmasa,
ýolundaky gyzgany däl,
akbaşy-da aýyrma sen,
ýa el urma syrkyn, selmä
ekininde gögeren kän,
gamyş, çaýyr bassa bassyn,
kim nirede ýatsa ýatsyn,
ýa-da aksyn suwy nirä,
gözün açyp bolmaz körüň,
döşüne galamyň diräp.

Eger millet, tüweleý dek,
peşmek oýnun oýnasa kän,
aýa, ýyla baş galdyrman,
iň ýeňilin oklap, gapyp,
uzak galsaň, borsuň biri,
çyk içinden ýolun tapyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020