Diktatura zerurlygy

Watanyňda diktatura bolmasa,
zalym diktatura örän,
kgbli, türmeli kän,
hem türmede öldürýän,
ýa çykaryp güldürmeýän,
sagy, soly bildirmeýän,
diktatura bolmasa han,
soltan ýasar ýaly soňsuz,
talap bolmaz öz iliňi emgenmän,
günüň günortany çyrasyz, ýyllap,
a soň mal-mülküňi daşaryk ýollap,
ýa daşadyp özlerine gelenleň,
elbetde, doganlyk kömegi bilen,
hapa pullaryňy ýuwup, tämizläp,
ýat illerde saklap bolmaz goragly,
kanunly, kadaly özüňkiden kän,
kanunsyz ýurduňda bolup Görogly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024