Gürrüň berme

Sen özüňe näme bolýar, derdiňi
gürrüň berme hal-ahwalyň soralsa,
kiçi dilden bärde ýa-da
öz ahwalyn bilmeýäne,
bilmejege näme boldy özüne,
nirede, nämede ýalňyşdy oglan,
haçan, haýsy daşa büdräp ýykyldy,
ýa nirede galdy sowlup,
ýa ýaşaýşy, ömri öwrüldi nämä,
pikir edip bilmejege hiç haçan,
gülen bolýan bilmän nämä gülýänin,
aglaýana agy näme, aňlaman,
sen özüňe näme boldy, ne boljak,
ýa nämüçin aglaýarsyň, gülýärsiň,
düşündirjek bolma ýitirip wagtyň,
gowy diý sorasa, gitsin eglenmän,
öňünden çyksa-da, görmejek bagtyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020