Milli aýyp

Millet üçin näme aýyp?
Papak geýip, ýolda durup,
para almak aýyp däl,
düşewüntli orny barmyş kişiniň,
kime berseň, işlemejek,
gürrüňini etseň, halamaz iller,
sebäbi kim agzy ýetse,
dişi bolsa dişlemejek?

Bal tutan barmagyn ýalar, gemirer,
çagalar bagyndan, mekdepden başlap,
uly-kiçiň çöregini, çaýyny,
iň ýamany ynamyny adama,
gelejegin ogurlamak aýyp däl,
aýyp däl žurnalist, ýazary bolup,
aldanasy gelýän ili aldamak,
talamak ýurduňy häkimi bolup,
prokuror, sudýa, sülçi, aklawçy,
gümrükçi, salgytçy, alym, deputat,
ýene kim bar agzar ýaly atma-at,
adam basgylamak aýakýeterde,
elini, aýagyn, aňyny daňyp,
öz iliňi ýere sokmak aýyp däl,
aýyp hakykata 'hä' bermek çala,
daşyňdan däl, içiňden-de,
aýyp däl ýaşamak ýalan.

Millet üçin näme aýyp?
Hak-hukugyň üçin göreşmek aýyp,
çagaň haky üçin turmak,
ejeň haky üçin durmak,
naçar aýalyňy goramak aýyp,
garyp halkyň halyn soramak aýyp,
ýeňsesinden urlan, ýüzüne öwlen,
'haramzada' diýip gygyrsa döwlet,
'haýyn' diýse, diýere söz tapmarsyň,
ýer ýarylmaz aşagyna sümmäge,
ker bolasyň geler, eşitmez ýaly,
kör bolasyň geler, görmez ýaly hiç,
üstüňe iberer hökümet laly,
güňleri başyna telpek geýdirip,
eger alla, hudaý bar bolsa, görse,
görkezmezdi kimsä beýle ykbaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024