Içden urýanlar

Orramsydan bolan haramhor begler// Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady. Magtymguly

Ýurdy hanlar, begler ýykmaz,
gözi doýmaz, garny doýsa,
ýykmak üçin ýurdy ýogsa
elde baryn eder ýyllap,
nebsiniň yzyndan ylgap,
çapyp ada, şöhrada ýa,
ýurdy ýykar han-beglere,
ýa olary goraýana,
ýolda para soraýana,
ýetim-ýesir, naçar, garra
ganym bolup daraýana
edenini etdirýänler,
gol ýapýanlar ogry, jümrä,
han diýilýän, beg diýilýän,
keseden seredip durup,
sesini çykarman asla,
ýurdunyň içinden urup...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024