Beýik millet

Olara atyşýan gerek,
çapyşýan gerek sahnada,
aşyr atýan gerek atyň üstünde,
otdan, suwdan bökýän gerek,
on bolsun, ýüz bolsun garşydan çykan,
bir uranda ýykýan gerek.

Olara uruşýan gerek,
gerek gowga, gana girýän,
başyn goýýan jan gaýgyrman,
a özleri çeke durjak, seretjek,
kim ýeňerkä, jan alla,
tomaşaçy hem biletsiz barysy,
hemem ýeňilýärler, walla.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020