Ýene bir ýyl

Meýletin körlügiň ýene bir ýyly,
meýletin kerligiň ýene bir ýyly,
ýene bir 12 aý taryha gitdi,
adam bolup galdy gorkynyň guly.

Meýletin garyplyk, meýletin açlyk,
meýletin beýgeltmek ogry, kezzaby,
meýletin işsizlik hem okuwsyzlyk,
meýletin guratmak akary, ýaby...

Meýletin bitarap, meýletin parhsyz,
başgalar hiç, öz-özüne, akylly,
gorkan bolýar hemem gorkmaýar beýle,
meger, millet şonuň üçin ýykyldy!

Gorkmaýar ol öňündäki uçutdan,
gara gorpa göz ýummakdan on ýyllap;
uzakdan seretseň, oýnaýan ýaly,
oglan-uşagyny balkondan sallap.

Gykuwlaýan, çapýan nadaraň atyn
köpeldi, hak sözüň gabry gazyldy;
kellesiz kän bilýän dünýäň gybatyn,
ýene bir ýyl ýiten ýyla ýazyldy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024