Ymmat

Ymmat salam aýdýar diýerdi pahyr,
gyzy jaň edende her gezek daşdan,
bergili bolmaýyn ile, ulusa,
saglyk dileýärler diýerdi, indi
biziň üçin soňky samuraý bolan,
Baýramgülüň ejesi ýok aýatda,
hem garaşman, ýa-da garaşyp ýadap,
o dünýä ýa başga ýurda gidýän kän,
salam aýdýan tas galmady, dereksiz
dogan doganyny çakýar başarsa,
ýylan bolup arkasyndan,
köne jaýy üçin ölen atanyň,
ozalky mugt suwuň, gazyň tölegi,
çyranyň tölegi ullakan dawa,
men az ýakdym, sen köp ýakdyň,
bir-birini türmä itýär adamlar,
itekleýär dälihana, ölüme,
sylanyşyk, ata-baba däp-dessur,
utanç-haýa çykdy ýatdan;
bir gowy zat - pula çümen biraz öň,
hem bilmedik neler bolýar türmede,
ýa neneňsi talanýar il ýokardan,
adam hukuklaryn gorajak bolýar,
kesilensoň altyn akýan akardan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024