Tutulmadyk ogry
Tutulmadyk ogry dälmiş,
diýmek, dogry hasaplanar,
düzüw hasaplanar adam,
emma ogry ogurlanyn gizlemän,
ogry şärikleri bilen,
ogly-gyzy bilen saçyp, seçeläp,
hem ýurduň içinde, hemem daşynda
göz etse malyny, mülküni dünýä
nädip ony görmejek,
ýöne göreniňi görýärin diýseň,
ýa-da diýseň meniň malym alyndy,
çilindi çagamyň iýjek çöregi,
gün-güzeran gaýgy boldy, zeýrenseň,
ýene özüň ýer sermejek,
ýok ediljek, bilýärsiň,
hem il ýaly tutulmadyk ogry däl
diýýäň, ýöne gülýärsiň.