Surat

Uly iş

Beýiklere mahsus diýýärler, walla,
başga birniň başgalygyn
bagyşlamak, geçirmek,
gözüne gelmese eger,
sözüne gelmese eger,
galybyna saljak bolman özüniň,
şyltak atyp, hile gurup daşynda,
eli gelse, depesinden daş guýman,
ýa alaç tapmasa içden ýigrenmän,
ýykylsa begenmän çyndan,
başganyň başgarak bakyşyn dünýä,
görüp bilşin ony öz gözi bilen,
ýa-da görjek hem düşünjek bolşuny
(sebäp ony şeýle ýaratdy hudaý),
bagyşlamak dälmiş ejiziň işi,
geçirip bilmezmiş ruhy gedaý.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024