Surat

Bazar kanuny

Adamy gepletseň, buddaçy biraz,
isaçy ýa muhammetçi azda-kän,
hudaýy bar, ynsaby bar, imanly,
halal adam bolup ýaşajak bolýar,
gol uzatjak bolýar ejize, hora,
entäni galdyrjak başarsa ýerden,
ýa depjek däl ýykylanyň ýüzüne,
sosialist, bölüşmegi halaýar,
halamaýar bir özüni bilmegi,
eziji däl eger-eger, daş etsin,
maddy dünýä däl-de, ruha uýýar,
emma kapitalist güýçli, hökümdar,
köplük ony gorkusyndan goldaýar,
diýmek, pulsuz pulla boýun bolmaly,
onsoň Budda bolsun, Isa, Muhammet
on ýedinji orna süýşýär, çekilýär,
din-iman köküne sogan, sarymsak,
diňe bazary bar ekin ekilýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024