Ullakan adam
Biri özi gurup görkezýär jaýy,
basyp alman başga birniň ýerini,
garyp-gasarlaryň jaýyny ýykman,
hemem öwünmeýär jaý gurdum diýip,
a beýleki, öz halkyny gul edip,
il rysgalyn, nesibesin ogurlap,
ýurdy talap, jaý gurdurýar kim-kime,
iki bahasyna, üç bahasyna,
üstesine günde beýikligini
aýdyp ýa ýatladyp heläk bolýar kän,
diýäýiň-dä diýýär maňa ullakan.