Şahyr
Ol adamy gözlär bilmän,
özünde hem başgalarda,
bolmadyk ýa bolup, ýitiren özün,
bir ýerlere barýan mydam,
käsi ýol başynda, käsi ortada,
pikir eder adam öz ömrün beýle
bermeli ýa sowurmaly däl ýele,
gahar eder öz-özüne ozaly,
a soňundan başgalara,
birazdan köşeşer ýene,
öz-özüni alyp ele,
soňra ýazar bilmän näme ýazýanyn,
belki, okar biri ýa-da ikisi,
a soň ýazanyna tutar gülküsi.