Öleniň gülküsi
Bu meniň öz pikirim däl, elbetde,
emma okan ýerim galmandyr ýatda:
birleri bar, halas bolar özleri,
oda, suwa gaçar, çykar,
ýanygyn, ýarasyn ýalap,
halas etjek bolar özün,
öz-özüne bolman galat,
beýlekiler näçe gutar, halas et,
ýaralaryn sara, täzele her gün
daňysyny ýaltanman,
öz derdine tarap gitmez, ugramaz,
bir ýyl, on ýyl... ýatar ýerinden galman,
müň bahana tapar turaly diýseň,
hem bahyllyk eder ýeriňden tursaň,
gün geçen kelläňe papajyk geýseň.
Şu gün biri, gysganmadyk wagtymy,
dogry, pul däl, paýlaşanym bilenim,
tötänden bazarda pete-pet geldi,
şol öňki gylygy, ýalandan güldi,
soň sorady: şindem barmyň-aý, walla,
jaň edeňok, aýlanaňok, geleňok,
bilýänsiň, arada pylany öldi,
üç-ýedisi, aýy, kyrky sowuldy,
biz seni ýatladyk, görünmediň hiç,
diýdik ölen ýaly boldy.