Surat

Bagt üçin

Bagt üçin adama parahat asman,
hemem ýeke tigir gerek kämahal,
çagalaryň bilen asuda ilde
gyssanman, howlukman aýlanar ýaly,
peýnir dadar ýaly dükana baryp,
dükançyň elinden, ilki peýniri
iň kiçijik çagalara dadyrýan,
bagt bermeýär her hepdede bir maşyn,
ýa adyňa alkyş aýdýan çagalar,
garrylar, gözünde, ýüzünde gorky,
ýetimiň gözýaşy, naçar agysy,
sen sebäpli ýurtdan gaçýan adamlar,
bagtyň nämedigin bilmeýär urýan,
öz ilini gyrýan öz bagty üçin,
bilýär ony nähak şarpyk dadanlar.

Amsterdam, 18.12.19.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024