Göreş we sen
Göreşiňi gönükdirme adama,
toparyna adamlaryň azu-kän,
garşy durma kimsä gazaba münüp,
görnüşinden sebäp ýaly ullakan,
emma özi özi üçin mesele,
ýa gurulman çöken dükan.
Göreşme gazaply özüňe garşy,
göreşýäne garşy özüne garşy,
bu gün bir zat diýýän, ertesi başga,
birigün has başga zatlary diýjek,
göreş garşysyna özüňi iýjek,
adamda adamy ýok etjek nebsiň,
bahyllygyň garşysyna dur mydam,
duşman edýän adamlary, saklaýan
ýolda ýatan daşlar ýaly,
geçilmesi müşgül üstünden aşyp,
pesliklere garşy göreş özüňde,
wagtal-wagtal dolup, daşyp,
kenaryndan agýan derýa mysaly,
weýran etme kenarlaryň, köpriňi;
göreşiňi gönükdirme adama,
toparyna adamlaryň azu-kän,
çünki adam öler, toparlar dargar,
başga adam ýa-da toparlar dörär,
hemem seni sylap goýmaz zamana,
göreşim ölmesin, ýaşasyn diýseň,
başga birin ýa birlerin, ýaşaman,
pikir etme getirmegi amana.