Ömür we sen
Sen ömrüňi sowgat berme,
sowgadyny ýaradanyň,
öz nurundan ýaradan,
ýüzi-gözi gülsün diýip,
mertebeli, adam ýaly,
başyn egmän ölsün diýip,
berme ony öz ömrüni
çöpe zyňýan millete,
elin çarpyp ogry-jümrä,
başyn egip minnete.
Sen ömrüňi sowgat berme,
sowgat berme ýyllaryňy,
aýyň, günüň, sagatlaryň
öz aýagyn daňýan ile,
hemem ylgan bolýan çyndan,
ýa ylgasy gelen bolýan,
öz ýanyndan gurup hile.
Sen ömrüňi eçil eziz
adamlara azlyk mydam,
göreşýäne öz ornunda,
hem bilýäne göreşiňi,
doga edýän seniň üçin,
garaşýana eçilme,
hak-hudaýa uýan bolup,
minudyň däl, sekundyň,
zaýalama ýeke sözüň
oýun oýnaýana mydam
gara çynçy dünýede,
gyş gelmänkä buýan bolup...
Sen ömrüňi sowgat berme,
satma ony deger-degmez
bahasyna hiç kime,
ýakyn bolsun, ýat bolsun,
işiňe git günde turup,
ezizleriň şat bolsun!