Gorkynyň işi

Gorkusyndan ysmaz bolan adamlar,
ýa-da şübhesinden ysmaz bolanlar,
ynamyny ýitirenler özüne
özgelere ynanmaga güýç tapmaz,
turup bilmez, gidip bilmez ýoluna,
gozganmasy müşgül bolar,
dyzamagy goýaly,
çünki batga çeker dyzasa aşak,
a batgada näçe durjak, saklanjak,
haçana çen dowam eder bu durmuş,
bu soragy bermek üçin özüňe,
belki, gözüň açmak gerek,
açmak gerek beýniňi,
gorkusyndan ysmaz bolan adamlar,
ony biraz aşak basmaga derek,
özün aşak basar günde,
hem özünden bolmaz müýni,
şu gününden, ertirinden
gowy bolup barsa düýni.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024