Dost maslahaty

Adam aýtdy, garyplyga gyzma sen,
pakyrlyga gahar etme,
zeýrenme ol interneti baglaýar,
yzagalak, adalatsyz, görümsiz,
göterilýär emel ýetse,
doýmaz-dolmaz üstesine,
gözi doýman gider gitse,
hem zeýrenme garşy çykan urulýar,
ýuwdýar döwlet-ýuwdarhalar adamy,
biri-birin goldap örän,
bilýär muny ýerden ýörän,
senden başga, belki-de,
pikir etme eger diýip-aýdylsa,
ol adam, ol döwlet beýle boljak däl,
kanundan, kadadan çekinjek biraz,
hemem oýlan, eger garyp bolmasa,
bolmasa bisowat adamlar köplük,
köpeltemese özi ýaly ejizi,
eşitmedik hukuk näme, hak näme,
ýa-da olar näme bilen iýilýär,
mähelle bolmasa tabyn hem kaýyl,
näme diýseň edip ýören,
nirä kowsaň, gidip ýören
kimi ezsin ezijiler,
ýa nireden tapsyn arzan işçini,
elin çarpýan üstesine,
düşünjek bol olara-da azajyk,
besdir, walla, kes sesiňi!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024