Biziň meselämiz
Bu mesele biziňkidi,
çünki bizdik yzarlanýan,
aç saklanýan sowuk jaýda,
zary bolup döwüm nanyň,
kemsidilýän üstesine,
ogurladyp sabynymyz
sakçysyna türmäniň.
Göz monjugy çagalarmyz
aglaýardy yzymyzda,
başy aşak, egni gysyk,
aladamyz edip kän,
tanyş, biliş ýylgyrýarka,
ýa bilgeşlin gülýärkä.
Bu mesele biziňkidi,
sebäbi biz köp isläpdik,
kanagatly däldik il dek,
indi olar tussaglykda
ýa-da beter günde ondan,
çykyp gaçyp bilmän gidip,
ýaşaýarlar kemsidilip.
Emma ýene öňki ýagdaý,
bu mesele biziňki,
olaryňky däl artyk,
sebäp olar iýýär almany diňe
başga biri berse artyp.