Gideniň mirasy
Adamlar dirikä seniň ýeňsäňden
näme diýýänini getirýän adam,
bilýärsiň, hemişe düzüw adam däl,
ýöne ölen bendäň özüňe garşy
düzen planlaryn eşitseň bir gün,
niýetini, pälin bilseň gideniň,
ýüzüňe ýylgyran mydam,
walla, ilki gynanýarsyň,
soň begenýäň muny ozal,
alla kessin, bilmäniňe,
hem gynanyp az-da bolsa,
her gün çala ölmäniňe.