Tapawut
Adamlar bir-birin iýýän wagtynda,
öz-özüni iýýän mahaly millet,
eýle ýa-da beýle eli gelenler
haýwanlardan tapawutly bolýarlar,
iýmeýärler diňe ejiz, egsigi,
güýçlüleri ýok edýärler esasan,
ejiz, egsik bilen birleşip mäkäm,
gyra çekileni görmedik bolup,
başyny egýäne ýylgyryp, gülüp,
şondan haýwan bir-birini iýende,
güýçli galýar ölmän-ýitmän,
adamlar iýende biri-birini,
ejiz, gowşak, ýaramajak kän zada
ýa-da kümsük galýar bukulan çöpe,
şeýle görseň, akyl-huşy ýerinde,
ýöne kän düşmeýän gepe.