Adam we durmuş

"Döwür meni öz önümine öwürdi. Men özümi ýitirdim." Konstantin Fedin

Adam öz-özüni ýitirýär käte,
kämahal keýpine, kämahal bilmän,
a kämahal mejbur bolup tokaýda,
durmuş diýlen, göreş diýlen,
ýöne özün bilmän, tanaman, görmän,
hatda pikir etmän görüp bilmegi,
tanamagy, düşünmegi özüne,
gözlemegi ony her gün, her gije
akylyna getirmän,
men kim, näme, ugrum hanjak,
nirden gelip, nirä barýan,
ýa maksadym näme diýmän,
ýaşaýan kän, geçýän kän,
hem durmuşy zäherlenen,
mal-dünýe hem şöhrat bilen,
hiç durlaman içýän kän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024