Ölüm we dirilik
Seni senden ogurlajak bolarlar,
ýa ýeňseden gelip, ýa öňden gelip,
ýa gapdaldan gapdallaşyp,
ýa yzyňa düşüp garama-gara,
seni sende ýok etmäge çalşarlar,
özüňi özüňde öldürip ýa-da
özüňi özüňe öldürdip sessiz,
haýyn edip özüň özüňe uly,
seni senden ogurlarlar, alarlar,
a soň eltip, başga jaýa salarlar,
goýbermezler özüňe soň soguryp,
özüňi özüňe alyp bilmeseň,
ýöne kömek eder olar ölmeseň,
seni sende doguryp.