Adamyň işi
Iň ýokardan gaýdýar açlyk, gedaýlyk,
el serýänler bolsa bolsun köçede,
öýsüzler, köşk guran, bir tünegi ýok,
janyna jaý tapman, uzak gijeler,
gözüne çiş kakyp, oturýar ýatman,
ertir näme bolar, kim näme eder,
ýa kimi nähili ýykmaly aldap;
iň ýokardan gaýdýar doýmaz-dolmazlyk,
ogurlyk hem talaň, soňy gelmeýän,
bu adamyň işi, işi däl allaň.