Üçünji ýol

Iki ýol bar, ýa göreşi saýlarsyň,
ýa göreşmän ýaşamagy baş egip,
sebäbi göreşseň, öňüňde kanun
ýa döwlet adyndan urýan ogrular,
döwlet maşynyny sürüp üstüňden,
öldürer, ýitirer ýa maýyp eder,
göreşmeseň, ýüküň agralar kem-kem,
sebäbi üstüňde kanun adyndan,
hökümet adyndan oturan goçlar
azalmaz ýa semrär bakdygyňça kän,
iki ýoldan birin saýlarsyň hökman,
üçünji ýol aňsat-aňsat tapdyrmaz,
ýa-da garşy göreşersiň özüňe,
mertebäňe, ar-namysa, bar bolsa,
çünki her kes tapýar özüçe çäre,
ýa-da garşy durýar göreşýän äre,
barrikadaň haýsy ýanda, parhy ýok,
palçyk zyňýar, gara palçyk, elbetde,
bolmaz ýaly hiç gutulan ýüzi ak.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024