Galp lider
Oňa seniň, meniň gowy durmuşym,
howp-hatarsyz gün görenim gerek däl,
oňa gerek özi diňe,
hemem özün öwýän ýer-gökde goýman,
hem sözüne hä berýänler ne diýse,
ýaşar ýaly dolman, doýman,
sebäbi ol gaty-gaýrym,
ýa-da biçilmedik sözi
eşitmäge, diňlemäge taýýar däl,
taýýar bolup bilmez ölýänçä, belki,
şonuň üçin haýyn diýýär sözläne,
gözläne ýoluny petikden çykmaň,
bogýar sözi, sözlejegi,
bogýar ilin boýdan-başa,
bolmaz ýaly baş galdyrjak içinde,
ýa başga ýol gözlejegi.