Içiňdäki esger
Sen içiňde ýaragsyz, ýaş
esgeriňi öldürme hiç,
özüň üçin durýan, durjak,
daşymda kän diýip eli ýaragly,
dyza çöküp, bolma gurjak,
ýaralaryn sara onuň ok degse,
duruz ganyn, ýitirme kän,
hemem galdyr ýykylanda ýerinden,
suwsuz galsa, damdyr agzyna damja,
başyn sypa, göwünlik ber başarsaň,
juda bolman ýanynda dur, çekilme
yza ýa-da başgalaryň
esgerleri daýaw gelse,
düşün, ömür ýüzüň gülmez,
içiňdäki esger ölse.