Giç dälkä
Gözi gorkan millet bolşewik gelip,
ruhy talanana soňuna çenli,
ne dini bar, ne imany,
hem özüne ynamy ýok, bolmajak,
çagasyn iberýär bezäp hem besläp,
goşgy-gazal ýat tutduryp,
ezber edip ýalana,
diňe wasp etmäge ezijini däl,
belki-de baş öwretmäge taýyna,
öwrenmäge ikiýüzli durmuşy,
kütelmänkä akyl-huşy.