Ýeri agyrtmazlyk üçin

Ýykylan ýeriňden galjak bol mydam,
başgalar däl, özüň üçin ozaly,
sen ýazsaň-da, ýazmasaň-da bir bolar
bu dünýäniň kyssasy hem gazaly.

Munda galjak bolan galar ýerinden,
a galjak bolmadyk galar ortada,
gummy, kirşen iýip ýoluň başynda,
ýykylan pursatyň galjak bol mydam,
çünki galman ýatsaň eger,
seniň öz ýanyňdan beter,
agyrarmyş gara ýer.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024