Alla we adamlar
Bäşim Annagurbanyň suratynyň öňündäki içgepletme
Kaka, ýadyňdamy, oka diýipdiň,
diýipdiň özüňi oňarsaň bolar,
men kömek hantama bolmaryn senden,
emma okap, meger, gul bolup bilmän,
saňa zyýan ýetdi menden!
Eger bilen bolsam okuw ahyry
maňlaýymy urar gara diwara,
diwaryna kütekligiň has uly,
diwaryna açgözlügiň has uly,
bahyllygyň diwaryna,
diwaryna ýalanyň kän,
tonna-tonna, dogrusy,
okap, bilip, türmä düşüp ýörmezdim,
bolardym adaty oba ogrusy.
Ýa partiýa girip, kanuny ogry,
kommunist bolardym, ikýüzli, ak
köýnek geýip, her gün işe gatnaýan,
soň girerdim dempartiýa, parhy nä,
ýöne bir gün ele düşsem, basylsam,
türmede sylagly bendi bolardym,
biri bordum eli gelen öň, ozal,
ogurlany çen-çak bilen bilinýän,
ýa-da ugrun tapyp, Mekgä giderdim,
munda diňe imansyza iň hezil,
diýerdiler nirde bolsam ýaşuly,
sebäbi tamakin tamdan kän mydam,
hemem köplük pikir edýär adamy
päli däl-de, diňe beýgeldýär puly.
Belki-de biz ynanmazdyk o mahal
millet gowulygyn islemez ýa-da
ogry-jümri partiýanyň ýoluny
dowam etmek islär diýseler eger,
ýa diýseler türmä öwrüler watan,
ýurdy ýykýan bolar gahryman, gowy,
ýalançylar alar törüni öýüň,
hamala, bu ozal bolmadyk ýaly,
dünýä azm uranda kommunist aly.
Emma, şükür, diýdiň razy, diýmek,
men öz ugran ugrum dowam etmeli,
özümi soraga almaly mydam,
soraga almaly allany, haky,
iller aýtmyşlaýyn, bir baýa berýän,
eger-de ol muny islän bolmasa,
goramazdy müň beladan ýoldaky.
Men ony gözledim, ýadyňda, belki,
sorapdym sendenem barmyka diýip,
hem ahyry geldim şu günki pellä,
alla adamlary gorkuzyp, oýnap,
wehiminde öldürmeli dirikä,
gurjak ýaly, geýdirlenin geýmeli,
gurjak ýaly, diýdirlenin diýmeli,
gul etmeli diýen däldir hiç haçan,
meger şondan alla diýýär içinden,
hiç parhy ýok, hem kowalan, hem gaçan.