SSSR-i ýadyňa sal
Goý, jemagat elin çarpsyn ýadaman,
gygyrsyn, bagyrsyn gojalar üýşüp,
üstesine ak gyňaçly ejeler,
ulugyzlar, ýaş ýigitler tahýaly,
ýa ozalky kommunistler, ogruja,
demokrat bolup ýüzüni açan,
gelejegi ogurlanan adamlar,
ogurlanan ynam bilen umydy,
ogurlanan mekdepleri, eý, alla,
kitaplary ogurlanan mähelle,
bagtly bolmaz her näçe diý bagtyýar,
ýa-da bolmaz ýaman ýagşy,
haram bolmaz halal asla,
ýa adalat bolmaz adalatsyzlyk,
azlygyň agzyny dykanyň bilen,
belki, diýdirersiň köplüge her zat,
emma çyn ýykylmaz ýykanyň bilen.
Goý, mähelle alkyş aýtsyn adyňa,
ýa götersin portretiň başyna,
SSSR-i ýadyňa sal, ahyrda
ýaragly gaşyna gelen galmady,
ahyrynda öwüp, oýnap ýykdylar,
hemem goran tapylmady.