Öň we häzir
Baýramsoltana
Bizem ýaş bolupdyk, oglan bolupdyk,
hemem ilimizi söýüpdik, Baýram!
Belki, başga ähli zady geçerdi,
ile yhlasymyz geçmedi aýran
ýurdumyzdan, meger, iň zerur wagty,
biziňkidi gelýän ýyllar at çapyp,
görjegimiz gowulykdy, sebäbi
ynanýardyk gowulyga, aklyga,
indi aýna baksam, çal saçly adam,
gözlerinde ol ozalky ynam ýok,
çiňerýär ýüzüme tanamadyk dek,
emma bilýäň, diňe adam ogly däl,
item aryklygyn bildirmez gurda,
men henizem umyt edýän ilimi,
özi öz kastyna çykan ozaly,
bahyllygy ilki özüni iýýän,
saklap bolar öýdüp barsagelmezden,
ýöne indi ol ozalky höwes ýok,
köp diýenim içden diýýän.