Garaş

Eger diliň bar bolsa,
emma sesiň çykarmasaň
üstüňden basanda biri,
soň ikisi, onusy
ýa iki ýüz elli başlyk, ýaşuly
basyp geçse ýüzüňden,
dymsaň gorkup ýa bilmän
näme diýip biljegiň,
ýa diýeniň näme kömek etjegin,
ýa zeýrenmek üçin ulansaň diliň,
eşitdirmän ýokardaka, pyşyrdap
gybat etseň açyk gürrüňe derek,
kömek edip bilmez adam,
kömek edip bilmez alla,
ýöne garaş, bilip bolmaz,
biri bagtly bolýar başgany ezse,
beýlekisi bagtly özüni aldap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024