Ýagşy bilen ýamanyň tapawudy
Bizi agladanlar, ýesir edenler,
haku-nähak türmä gitdi,
ýa-da öli-diri goja taryhyň,
sagynda däl, belki-de,
solunda ýa çöpde ýitdi,
emm mundan ne bize,
ne-de ile peýda bar,
ýagşylar şol öňküsi deý gijigýär,
ýaman haýdap öňden barýar, sebäbi
onuň ýüzi galyň, ýeňsesi galyň,
eglenenok, walla, aýdylan sözi,
ýa-da aýdyljagy ýüzüne alyp.