Döwlet terrory
Bu tutda-baslyklar ýa-da haksyzlyk
diýýärler degişli hemmä,
ýa bar kişiň meselesi,
sebäbi aýamaz pakyry, mesi,
emma adam tä özüne gelýänçä
başyny galdyrmaz bela-betere,
nähili aldajy bolsa bolsun ol,
a başyny galdyranda giç bolar,
hem öz işi ölsün ýa-da galsyn ol.
Ýigrimi ýyl bolup geçdi bireýýäm
biz munda, il onda, dogan-garyndaş,
tanyş-biliş ýeke-ýeke gidip dur,
jaň etmäge çekinýäris, sebäbi
yzy ýarasyna düşmeýär döwlet,
terror atyn çapýan otuz ýyl bäri,
hem bilýäris sowulmaz ol entejeik,
sylap goýmaz kimsäň aýalyn, ärin.