Säher dogasy

Şükür edýän, şyltak ýa-da
üýşüp töhmet atanlardan
salam aýdýan kän görünýär...

Günäm kändir, çig süýt emen
adamdyryn, gyzyp käte
erbet pikir edendirin,
erbet niýet edendirin,
gahar bilen gözüm gapyp,
gidendirin özümden kä,
gidendirin senden, taňrym,
soňra toba etsem-de kän,
amam, aman, bitobanyň,
arman, görmeýäniň ýoly,
bilmeýäniň özüni-de,
hem gözünde, hem sözünde,
hem elinde, hem pälinde
çylgym-çylgym gan görünýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019