Garyp dogan
Wezipeli wagtyň, adyň bar wagty
seni hudaý saýan dogan,
adyňa atanak çekilse bir gün,
kesekiden, ýatdan öňürti satar,
sen sebäpli ejir çeken,
pida bolup oýnar soňsuz,
üstesine atasynyň
adyn çyzar diýseler,
diýseler ol agtyklaryn bigünä,
daşlaşdyrjak bolup resmi bolman,
aýrar seniň merhum ataň adyndan,
KGB-de köýen ary,
ynanmazdym, gynanýaryn.
Emma gördüm, urşuň yzynda galan,
ýetim ösen, kişä elin sermedik,
käbesini hemem meniň käbämi,
ejem jany ara salyp,
ara salyp çagalaryn garagöz,
yzyn üzmän pul dileýän dogany,
diýseler-de maşyny bar, maly bar,
üstesine goşa-goşa jaý salýar,
garypdygna ynanýaryn.