Adamyň betbagty
Adamyň betbagty diňe kesekiň,
bigänäniň bagty bilen oýnamaz,
diňe ýigrenýänin keýpine ýa-da
saý-sebäbi ýetik bolup,
ýa-da diňe bahyllykdan
egsik etjek bolmaz ejiz özünden,
ol öz bagty bilen oýnar ozaly,
bagty bilen oýnar iň ýakynynyň,
çagasynyň bagty bilen oýnar ol,
bilip ýa bilmän,
ýa düşünmän oýnuň soňy ne bolar,
ýa düşünip, geçip bilmän özünden,
çykyp bilmän çukuryndan öz gaçan,
adamyň betbagty pulsuz, pakyr däl,
keselli däl ýa maýyp däl fiziki,
ruhy hassadyr bagtyna garşy,
has anygy, bagty bilen oýnaýan
ilki özün öz bagtyna goýmaýar.
Betbagt bolmaz adam az ýaşap ýa-da
uzak ýaşap bagtly bolmaz,
ýa bagtyň başyna çykmaz baý bolup,
beg bolup, belki,
medal baryn dakynyp,
at-dereje alyp hakdan, nähakdan,
adam bagty bilen oýnasa başgaň,
pikir etme, başgaň bagtyn oýnaýar,
çagasynyň bagty bilen,
bagty bilen özüniň
oýnaýar ol gözün ýumup,
hem oýundan doýmaýar.