Biz adamdyk

Nirede okanym ýadymda däl hiç,
ýa-da kimiň aýdan sözi:
biz ozal adamdyk owadan, eziz,
gözümiz gök, gara, ýa goňur diýmän,
biz adamdyk meňzeş ýa-da meňzeş däl,
başga-başga tire-taýpa, millete,
ýa-da jynsa bölünmänkäk,
ýa uýmankak başga-başga dinlere,
ýa syýsat gelip girmänkä ara,
hem goýmanka gapma-garşy,
ýa-da baýlyk, beglik tagmasyn basyp,
goýmanka diwara çüý kakyp, asyp,
biz ozal adamdyk, ýadymda, bilýän,
adam bolup dogulýan hem
adamlykdan dänmän ölýän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019