Goşgy näme?

Goşgy näme, gazal näme owadan,
içinde bir zerre agy bolmasa,
öldürilýän millet üçin, il üçin,
keseki däl, özüniňki
ganym bolup, ganhor bolup,
ýalan bolsa tonna-tonna,
ýalan şatlyk iň esasy,
waspyn edýän ýalan bagtyň,
heňin çalýan ýalan ýagtyň,
ýalan çeşme, gözbaşy ýok,
içip-içip ganmaly, waý,
ýagtysy ýa nury bolmasa jinnek,
kime görner, kime derkar dolan aý?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024