Postsowet ahwalaty
Hakykaty, dogry sözi, çyn sözi,
aýdylmaly hemem bilinýän öňden,
diňe turup, aýtmak däl, diýmek däl,
daşyňa çykaryp birden,
aýlap, ýyllap göterip,
özüňden başga birine,
pyşyrdap ýa gygyryp,
ýa-da aram ses bilen,
başga biri aýdýan wagty
eşitmegem aňsat däl,
baş atmagy goýaly,
gorky şalygynda ulalan bolsaň,
gözüň ody alnan bolsa uzakdan,
ata-baba, öňden örän,
haky çagyrmakdan başga
näme edip bolar käte,
daşyňdan däl, içiňden,
ýa-da çala pyşyrdap,
görünmän däl, TW-den
gygyryp gelýärkä girdap.