Kemakylyň akyly
Eger-de öz çäkliligiň,
ýa-da aýbyň bolsa kän,
gorkup ýatyp bilmeseň,
maly, özi milletiň
bolar ýaly eliňde,
hemem ähli gowşaklygyň
görner ýaly güýç bolup,
kuwwat bolup egsilmeýän,
kitaplary ýok etmeli,
ýok etmeli aýdymlary, gazaly,
hakykaty sözleýän kän,
hem gözüňe gözleýän kän,
sorag berýän ýaly mydam,
oňa derek döretmeli
kän kitaba meňzeş zady,
kän aýdyma meňzeş zady,
kän gazala meňzeş zady,
emma bulaň hiç biri däl,
zir-zibili uly, üýşmek,
harman-harman etmeli we
sowurmaly il üstüne
hiç açylmaz ýaly gözi,
ýa-da aňy hem üşügi,
bilýär muny iň kemakyl,
iň görümsiz han, soltan-da,
hemem hiç pul gaýgyrmaýar,
ýok etmäge ýagtylygy,
sebäbi ol gorkýar örän
köp boldukça aýby, müýni,
eger gorksaň gelejekden,
ýok etmeli hökman düýni.