Adamyň baş talaňy

Adam öz-özüni talaýar günde,
hiç parhy ýok, ýurdunda ýa sürgünde,
jübüsine girýär günde bildirmän,
hemem çilýär öz ömründen ýylgyryp,
ýakasy gaýyşly ogry mysaly,
azdan ýa-da känden, sanaman asla,
hamala öz ömri gerek däl ýaly.

Käte bilip talaýar ol özüni,
käte bilmän, endik gursun,
öz syýasy gelejegin talaýar,
ykdysady gelejegin talaýar,
talaýar ol gelejegin medeni,
ogurlaýar adam ömrün başarsa,
sowurýar ol ýele wagtyn, sagadyn,
dostlar üçin dost däl asla,
duşman üçin, bir minuda degmeýän,
başarmaýar öwrenmegi, bilmegi
durmuşyň düýn, öňňin beren sapagyn,
sapaklaryn aýlaryň hem ýyllaryň,
tanamaýar aýagyna kakany,
dostdur öýdýär hemme gülüp bakany,
ýa bakany ýylgyryp,
ýa kakany arkasyna,
ýalňyşdyrmak üçin, belki,
adam diňe öz-özüni talanok,
özünden öň, ters görelde görkezip,
gözel çagalaryn talaýar ilki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024