Akyllynyň problemasy
Akylsyz adam gürlände,
akylly adam diňlemez,
ýa başarmaz islese-de,
öwrenerin diýip bir zat,
hemem diýip müň gepinden
biri gerek, belki, däliň,
akylsyz adam gürlände,
çydap bilmez akylly kän,
emma mydam ýeterlik däl
diňe ýagşy niýet-päliň,
diňlemeli her adamy,
käte däli, tentegi-de,
boýny bolsa zynjyrsyz,
wagtyň bolsa, elbetde,
a bolmasa, tapmaly,
sebäbi akylly akylly bolmaz,
ýerden ýörän nirden barýar bilmese,
adam diňlemeli bir-birin, meger,
ýaşap ýörse, diri güni ölmese.