Adam we işi
Adama adamyň işi gerekdir,
zähmeti gerekdir hökman,
hili bilen, elbetde,
adama gerekdir göreşýän adam,
söweşýän adam,
goý, ýaradar bolsun, ölsün,
çagalaryn ýetim goýup yzynda,
ýöne adam iş edeniň işini,
gelen ýerin, ölen ýerin görse-de,
ykrar etmek islemez kän,
juda mejbur bolmasa,
sebäbi adama adamyň işi,
göreşi hem söweşi
gerek bolsa-da näçe,
ady gerek däldir uly,
kölege salmagy diri galana,
bukup ýaşap ýalana.
1.10.19.