Bagt we betbagtlyk
Özüni ýok edýän millete, ile,
ýa gyssanyp halas etjek bolmaýan,
ýa bilmeýän ýaşaýyş ne, durmuş ne,
bagt näme bu owadan dünýede,
özüň bolup galmak näme,
ýaşamak ne özüň bolup,
özüň bolup ölmek näme,
başyňy dik tutup, egmän,
ýa betbagtlyk näme, özüňçe ýoga,
ogry-jümrä başyň egmek, epilmek,
ýetde-gütde, gara günde,
KGB-niň taýagynyň astynda,
hem ýüzüňden, hem ýeňsäňden depilmek,
el-aýagy ýa-da aňy daňylgy,
kakasy gul, özi gul,
agtygy gul, Pulgulyň,
Talaňgulyň, Ýalangulyň
guly bolup galmak näme,
ýa-da başga sözler bilen aýdylsa,
çempion bolandan, medaldan geçen,
özüň depip derwezäňe her agşam,
ýa irden gol salmak näme?..