Peýdasyz agy
Agzyny açmasa, gözün açmasa,
beýnisini açmasa il, adamlar,
muňa derek boş zatlara güýmense,
hudaýýoly berse ýa-da,
ýaryşsa toý tutup uly,
ýa bolsa däp-dessur guly,
kowalaşsa başga-başga ýylpylda,
nirde gözün gamaşdyrýan, aldaýan,
öňe seretmäge derek,
saýlajak bolmasa dogrusyn ýoluň,
hemem aňsat, gysga ýoda gözlese,
tapsa egri ýoldan gitse,
ýa o dünýä, jennet pikirin etse,
bu dünýäniň jennetini
her öňýeten syýasatça ynanyp,
wagtyňy ýitirmek peýdasyz oňa,
hem aglamak gözüňi
açaý diýip, gynanyp.